Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Kuweýte ugrady

17:5726.08.2019
0
3682

Futzal boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýa çempionaty – 2020-niň saýlama tapgyryna taýýarlygynyň çäginde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirmek üçin Kuweýte ugur aldy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy özüniň resmi saýtynda habar berýär.

Milli ýygyndymyz türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda Kuweýtiň ýygyndy topary bilen ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirer. Kuweýtiň paýtagty El-Kuweýt şäherinde oýnaljak ýoldaşlyk duşuşyklary 29-njy hem-de 31-nji awgustda geçiriler. Milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi horwatiýaly Robert Grdowiç ýoldaşlyk duşuşyklarynda milli çempionatymyzda çykyş edýän oýunçylaryň 16-syny gözden geçirer.

Ýeri gelende bellesek, Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda geçirilen bije çekişlikde ýygyndy toparymyz “B” toparçada Eýranyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndylary bilen güýç synanyşmaga mümkinçilik aldy. Merkezi Aziýa sebitiniň çägindäki beýleki toparçada – “A” toparçada Özbegistanyň, Täjigistanyň, Owganystanyň hem-de Nepalyň ýygyndylary özara güýç synanyşarlar.

Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň hemme duşuşygy Eýranyň Urmiýa şäheriniň “Gadir Hall” sport toplumynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň