Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň finalçysy Türkmenistana geler

17:1126.08.2019
0
13303

Koreýa Respublikasynyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi, portugaliýaly hünärmen Paulu Bentu Gruziýanyň ýygyndysy bilen boljak ýoldaşlyk duşuşygy hem-de Türkmenistanyň ýygyndysy bilen Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde Aşgabatda geçiriljek duşuşyk üçin milli ýygynda çagyrylan futbolçylaryň sanawyny kesgitledi. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Futbol assosiasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Koreýaly futbolçylaryň Türkmenistana gelmezden ozal 5-nji sentýabrda Stambulda Gruziýanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirjekdigini ýatladýarys. Olar Dünýä çempionatynyň we 2023-nji ýylda Hytaýda geçiriljek yklym ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň çäginde 10-njy sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň ýygyndysy bilen duşuşarlar. «Köpetdag» stadionynda geçiriljek duşuşygyň sagat 19-da başlanmagyna garaşylýar.

Kesgitlenen düzüm futbol janköýerlerini gyzyklandyrýan esasy sowala jogap berdi. Ýagny, Angliýanyň «Tottehemi» bilen Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň geçen möwsüminde finala çenli baryp ýeten dünýä ýyldyzy Son Hyn Min hem Aşgabada geler.

Koreýa Respublikasy ― Gruziýa ýoldaşlyk duşuşygynyň geçirilýän güni Türkmenistanyň milli ýygyndysy saýlama tapgyryň ilkinji duşuşygyny geçirer. Şol gün biziň ildeşlerimiz myhmançylykda Şri-Lankanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Milli ýygyndymyzyň «H» toparçada ýaryşýandygyny we bu iki garşydaşdan başga-da Liwanyň hem-de KHDR-nyň ýygyndylarynyň hem biziň bäsdeşlerimizdigini ýatladýarys.

Koreýa Respublikasynyň milli ýygyndysy:

Derwezeçiler: Kim Syn Gýu («Wissel Kobe», Ýaponiýa), Kim Jin Hen («Sereso Osaka», Ýaponiýa), Ço Hýon U («Tegu»).

Goragçylar: Kwon Kýun Won («Çonbuk»), Kim The Hwan («Ulsan Hýonde»), Kim Min Dže («Beýszin Goan», Hytaý), Pak Dži Su («Guançžou Ewergrand», Hytaý), Kim Ýon Gwon («Gamba Osaka», Ýaponiýa), Li Ýen («Çonbuk»), Kim Çin Su («Çonbuk»), Hon Çhol («Suwon Samsung Blýuuingz»).

Ýarym goragçylar: Kwon Çhan Hun («Dižon», Fransiýa), Li Çun Ýen («Kristal Pelas», Angliýa), Kim Bo Gýon («Kasiwa Reýsol», Ýaponiýa), Li Kan In («Walensiýa», Ispaniýa), Çon U Ýon («Çunsin Lifan», Hytaý), Na San Ho («Tokio», Ýaponiýa), Dong-kýong Li («Ulsan Hýonde»), Hwan In Bom («Wankuwer Uaýtkeps», Kanada), Paýk Seng Ho («Žirona», Ispaniýa), Li Je Son («Holştaýn», Germaniýa), Hwan Hi Çhan («Gamburg», Germaniýa).

Hüjümçiler: Son Hyn Min («Tottenhem», Angliýa), Kim Sin Wuk («Çonbuk»), Hwan Yýjo («Bordo», Fransiýa), Li Džon Hýop («Pusan Aý Park»).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň