Soňky habarlar

Arhiw

Haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylary dolanyp geldiler

01:0826.08.2019
0
6109

Gurban baýramynyň nurana günlerinde Mekgä we Medinä gidip, haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylarynyň topary Türkmenistana dolanyp geldiler. Bu barada TDH habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, ähli musulmanlaryň nurana baýramynyň öň ýanynda ähli welaýatlardan we Aşgabat şäherinden bolan ildeşlerimiziň 160-sy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan guralan ýörite uçarda Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylar we mukaddes Käbä sežde etmäge dünýäniň ähli künjeklerinden bu ýere gelen zyýaratçylaryň millionlarçasynyň hataryna goşuldylar.

Zyýaratçylar Medinede Muhammet pygamberiň we onuň egindeşleriniň aramgählerine, şäheriň belli metjitlerine we beýleki mukaddes ýerlerine zyýarat etdiler. Olar Mekgede musulmanlaryň Zem-zem çeşmesi, Al-Haram metjidi ýaly, esasy mukaddes ýerlerinde haj parzlaryny berjaý etdiler. Olar togap däp-dessuryna eýerip, mukaddes Käbäniň daşyndan aýlanmak dessuryna gatnaşdylar.

Türkmen zyýaratçylary haj döwründe sežde edip, Beýik Biribardan Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň işleriniň rowaçlygyny dilediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň