Aşpezler bäsleşdiler

19:4224.08.2019
0
3902

Balkanabat şäherindäki 29-njy çagalar bagynda “Bereketli türkmen saçagy” atly bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi. Ösüp gelýän ýaş nesli berk bedenli we sagdyn ruhda terbiýeläp ýetişdirmekde mynasyp goşant goşýan, iş başarjaň aşpezleri ýüze çykarmagy hem-de "Bereketli türkmen saçagy” atly kitaby wagyz etmegi maksat edinen bäsleşik welaýat Baş bilim müdirliginiň iş meýilnamasy esasynda guraldy. Üç şertden ybarat bolan bäsleşige şäherdäki mekdebe çenli çagalar edaralarynyň aşpezleri gatnaşdylar. Olar bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, çeper sözlerde özlerini tanyşdyrdylar we taýýarlaýan tagamlaryny wasp etdiler. Ter gök önümlerden işdäaçar taýýarlamakda, miweleri kesip, saçaga goýmakda, şeýle- de «Bereketli türkmen saçagy» atly

kitap esasynda toý saçagyny bezemekde, tagamlaryň taýýarlanylyşyny düşündirmekde birek-birekden kem durmadylar. Bäsleşigiň jemi jemlenilende, 41-nji çagalar bagynyň aşpezi Gülüstan Magtymowa birinji, 23-nji çagalar bagynyň aşpezi Maral Mämmedowa ikinji we 38-nji çagalar bagynyň aşpezi Altyntäç Koşanowa üçünji orunlary eýelediler. 20-nji, 25-nji, 35-nji çagalar baglarynyň aşpezleri bolsa höweslendiriji baýraklara mynasyp boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň