Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda pagta ýygymyna taýýarlyk görülýär

12:4824.08.2019
0
1075

23-nji awgutda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew döwlet Baştutanyna welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Şu günler ýerleri, tohumlary, enjamlary, tehnikalary we abzallary bugdaý ekişine taýýarlamak işleri amala aşyrylýar. Möwsümde işlediljek oba hojalyk tehnikalaryna hyzmat etmek üçin ýerlerde ýörite toparlar döredilýär.

Gowaçanyň hatar aralaryny bejermek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak boýunça işler agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň «ak altyn» möwsümini guramaçylykly we öz wagtynda geçirmek barada beren tabşyryklaryny berjaý etmek maksady bilen, şu möwsümde ýygnaljak hasyly pagta arassalaýjy kärhanalaryň 39-sy hem-de harmanhanalaryň 157-si kabul eder. Pagta ýygýan kombaýnlaryň 923-si, ýygnalan hasyly daşamak üçin bolsa ýük awtoulaglarynyň 2 müňüsi, traktorlaryň 1 müň 867-si we traktor tirkegleriniň 3 müň 877-si ulanylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň