Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandaky döredijilik we aýdym-saz bäsleşikleriniň jemi jemlenilýär

12:4224.08.2019
0
959

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 23-nji awgustda geçirilen mejlisinde wise-premýer B.Abdyýewa döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygynyň hormatyna guraljak döredijilik çärelerine hem-de ýylyň jemleri boýunça medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärlerini sylaglamak dabarasyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak çäresine taýýarlyk görülýändigi habar berildi.

24-nji awgustda «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragy almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde her ýyl geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçiriler, sentýabr aýynda bolsa zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemi jemlener.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň