Türkmenistanyň iri dokma toplumlarynyň ikisi paýdarlar jemgyýetine öwrülýär

04:2324.08.2019
0
7072

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 23-nji awgustda geçirilen mejlisinde wise-premýer M.Çakyýew milli senagat toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek arkaly onuň kuwwatyny pugtalandyrmak, ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, dokma pudagynyň kärhanalarynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini kämilleşdirmek, şolaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda görülýän çäreler barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, bu ugurda degişli işler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, «S.A.Nyýazow adyndaky Gypjak dokma toplumy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hem-de Büzmeýin etrabyndaky pagta egirme galyndylaryny gaýtadan işleýän kärhanany paýdarlar jemgyýetine öwürmek baradaky teklipler milli Liderimiziň garamagyna hödürlenildi. Şeýle hem iň täze ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrmak arkaly bu pudaklaýyn önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň