Soňky habarlar

Arhiw

26-27-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidentiniň Singapura döwlet sapary bolar

02:4324.08.2019
0
7463

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 23-nji awgustda geçirilen mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 26 — 27-nji awgustda Singapur Respublikasyna döwlet saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Dünýäniň dürli döwletleri bilen dostluk gatnaşyklaryny, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şolaryň hatarynda Singapur Respublikasy hem bar.

Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1996-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, soňky döwürde döwletara gatnaşyklaryň täze ösüşe eýe bolandygy bellenildi. 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ilkinji gezek şol bir wagtda ýurdumyzyň Singapur Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.

2019-njy ýylyň iýun aýynda daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi. Köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk babatda Singapur Respublikasy Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerinde öňe süren halkara başlangyçlaryny goldaýar.

Öňümizdäki döwlet saparynyň degişli maksatnamasy taýýarlanyldy. Saparyň jemleri boýunça türkmen-singapur gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam etjek hökümetara we pudagara resminamalaryň birnäçesine gol çekmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň