Soňky habarlar

Archive news

Aşgabatda halkara gurluşyk sergisi geçiriler

01:1124.08.2019
0
3076
Aşgabatda halkara gurluşyk sergisi geçiriler

Şu ýylyň 29 — 31-nji awgustynda Aşgabatda «Türkmengurluşyk — 2019» atly halkara sergi hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahat geçiriler. Bu çärelere 140-a golaý ýerli hem-de daşary ýurtlardan, şol sanda Russiýa Federasiýasyndan, Fransiýadan, Germaniýadan, Awstriýadan, HHR-den, Türkiýeden, Koreýa Respublikasyndan we beýleki döwletlerden kompaniýalaryň, edara-kärhanalaryň, telekeçileriň hem-de işewürleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Giň gerimli sergide gurluşyk pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary, üstünlikleri we ägirt uly kuwwaty öz beýanyny tapar. Paýtagtymyzyň sergi merkezinde ykdysadyýetiň şu ulgamynda işleýän düzümleriň wekillerine öňdebaryjy tejribäni öwrenmäge hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berer. Sergide ýurdumyzyň önümleriniň täze görnüşleriniň önümçiligine, şol harytlary halkara bazarda ilerletmäge aýratyn üns berler.

Maslahatyň gün tertibine gurluşyk we binagärlik ulgamyny kämilleşdirmegiň esasy meseleleri, pudagyň geljegi hem-de ykdysadyýetiň şu pudagyna sanly ulgamlary ornaşdyrmak meseleleri giriziler. Bu barada wise-premýer S,Pürçekow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 23-nji awgustda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna habar berdi.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň