Soňky habarlar

Arhiw

“Murgap” önümçilik birleşmesinde 1 mln 832 müň manatlyk önüm öndürildi

19:4823.08.2019
0
982

Mary welaýat alyjylar jemgyýetler birleşiginiň “Murgap” önümçilik birleşmesiniň işçileri şu günler gök we miwe önümlerini gaplama görnüşleriniň uly tapgyrlaryny öndürip oňat iş netijelerini gazanýarlar. Bu kärhanadaky işgärleriň maksady, baglaşylan şertnama laýyklykda ekerançylaryň ýetişdiren bol hasyllaryny hyýary, pomidory, käşiri, kelemi, burç ýaly gök önümleri terligine kabul edip, olardan ýokary hilli gaplama görnüşli azyk önümlerini taýýarlamakdan ybarat bolup durýar. Kärhanada ekologiýa taýdan ter gök önümleriň sagatda 1,5 tonnasyny gaplamaklyk mümkinçiligi bolup, onuň ýyllyk kuwwaty 1 mln şertli gap öndürmeklige niýetlenendir. Hususy önümçilikde şu möwsümde gaplamalaryň 20-ä golaý görnüşi öndürildi. Bu ýerde mürepbe, şireli, şerbetli içgiler, duzly ýapmalaryň birnäçe görnüşi gaplanylýar. Önümçilik birleşiginde häzirki wagta çenli aýna gaplara gaplanan gaplanan önümleriň 1 mln 832 müň manatlygy taýýarlanylyp, bellenilen iş meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň