Geljekde ýurdumyzda uly ähmiýete eýe boljak ösümlikleriň biri-de azolladyr

19:4223.08.2019
0
1250

Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener–tehnologiýalar uniwersitetiniň garamagynda Umumy we amaly biologiýa institutyny açmak barada çözgütler kabul edildi. Önümçilige innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen tehnologik serişdeler ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryna doly gabat gelýär. Institutda ylmyň umumy biologiýa, öýjük biologiýa, öýjük biologiýasy, molekulýar biologiýa, genetika biotehnologiýa, bioinženeriýa, bioinformatika, ekologiýa ugurlaryny ösdürmek, tebigy baýlyklar bolan ösümlikler, haýwanat we mikroorganizmler dünýäsini öwrenmek, olaryň biohimiki, fiziki-himiki dermanlyk häsiýetlerini anyklamak ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak we rejeli peýdalanmak, oba hojalyk peýdalanmak, oba hojalyk ekinleriniň we mallarynyň seçgi tohumçylyk işlerini talabalaýyk alyp barmak, täze görnüşlerini döretmek boýunça düýpli hem-de amaly-ylmy barlaglary geçirmek göz öňünde tutulýar. Şu maksat bilen, ýurdumyza daşary ýurtlardan getirilen dürli ösümlikleriň biologiýa, ekologiýa aýratynlyklaryny we olaryň Türkmenistanyň oba hojalygyndaky ähmiýetini öwrenmek meselesi esasy wezipeleriň biridir. Geljekde ýurdumyzda uly ähmiýete eýe boljak ösümlikleriň biri-de azolladyr. Azolla bu subtropiki suw ösümligi bolup, Dünýä möçberinde ekerançylykda esasan-da, Orta Aziýada we dünýäniň beýleki ýurtlarynda şalyçylykda azot gory–biodökün, maldarçylykda we guşçulykda–iým hökmünde, şeýle-de, akaba suwlaryny biologiki taýdan arassalamakda peýdalanylýar. Azolla atmosfera azotyny ýokary tizlikde, köp mukdarda fiksirläp (özleşdirip), bir ýylda gektara 1000–1400 kilogram azota barabar bolup, şalyçylykda biodökün hökmünde ulanylanda, onuň hasyllylygy 20–25 göterim artýar we her gektaryň hasyllylygy 60–70 sentner (azot döküni ulanylmazyndan) ýokarlanýar, suwaryş suwlarynyň ýüzüni ýaşyl ýapynja bilen büräp, ekin meýdanynda suwuň köp mukdarda bugarmasynyň öňünde alýar. Bu ösümlik, esasan hem, azot ýetmezçilik edýän suwlarda, şaly meýdanlarynda azot gory hökmünde ulanylýar. Suwuň aýalyp saklanylmagy, arassalygynyň üpjün edilmegi, aýratyn-da, onuň ýetmezçiligi häzirki wagtda dünýä möçberindäki esasy, düýpli meseleleriň biri bolup, suwy tygşytly peýdalanmak, senagat kärhanalarynyň çykarýan hapa suwlaryny biologiýa taýdan gaýtadan arassalap, tehniki maksatlar üçin peýdalanmak zerurlygy ýüze çykýar. Azolla suwy biologiýa taýdan arassalamak üçin ulanylyp, akýan suwlardan agyr metallary–hromy, nikeli, misi, sinki we gurşuny aýryp bilýär. Bu ösümligi ösdürmek şor akaba suwlary arassalamagyň ekologiýa taýdan arassa usulydyr. Bu ösümligiň «Azolla caroliniana Willd.» görnüşiniň hojalyk-biologik häsiýetlerini, olaryň ösüş şertleriniň durnuklylygyny, ösümligiň ösmegi üçin gerek bolan iýmit gurşawyny saýlap almagyň usullaryny (organiki we mineral), daşky gurşawyň azollanyň ösüşine we kämilleşmegine ýetirýän täsirlerini we onuň düzümini ylmy taýdan içgin öwrenilýär. Geljekde bu ösümligiň düzümindäki biologiki işjeň maddalary öwrenmek, innowasion biotehnologiýalar arkaly anyklamak, täze bioenergetikany döretmek giň gerime eýe bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň