Dünýäniň iň “ýaş” awiaparkly kompaniýalary

19:3123.08.2019
0
795

Merkezi edarasy Şweýsariýada ýerleşýän “ch-aviation” şereketi iň täze uçarlardan peýdalanýan awiakompaniýalaryň sanawyny mälim etdi. 1998-nji ýylda esaslandyrylan şereket awiasiýa pudagynda iş alyp barýan kompaniýalar barada maglumat toplap, olary yzygiderli ýaýradýar. Şereketiň seljerme-maglumatynda has täze uçarlardan peýdalanýan kompaniýalaryň Aziýa ýurtlaryndadygyny görmek bolýar. Maglumatyň netijelerine görä, global derejede “Norwegian Air Sweden” şwed kompaniýasy sanawyň birinji basgançagyny eýeledi. Bu kompaniýa ýolagçylaryna amatly bahaly hyzmaty hödürlemegi bilen tanalýar. Wýetnamyň “VietJetAir” kompaniýasy bolsa, giň awiaparkly ugur boýunça (50-100 aralygynda uçary bolan) birinji boldy. Has giň awiaparkly ugur boýunça (100-den köp uçarly) Russiýanyň “Aeroflot” kompaniýasy öňdeligi eýeledi. Maglumatda dünýä boýunça raýat awiasiýasynda peýdalanylýan uçarlaryň ortaça “ýaşynyň” 12 ýyldygy mälim edildi. Şeýle hem dünýäde ýolagçy we ýük ulaglarynyň 30 müňden gowragynyň hereket edýändigi mälim edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň