«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz “Çeper” halyçylyk kärhanasynyň halyçylary ýylyň başyndan bäri 2 million 326 müň manatlyga barabar haly we haly önümlerini dokap, buýrujylara ugratdylar. Munuň özi, kärhanada geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 144 göterim ösüş gazanylandygyny aňladýar. Dokalan halylaryň aglaba bölegini uly göwrümli halylar eýeleýär. Täze gölleri, reňkleriniň utgaşykly öwüşgini bilen aýratyn tapawutlanýan halylaryň ençemesini ýurdumyzda yglan edilýän bäsleşiklere hödürlemek göz öňünde tutulýar. Kärhana ýylyň bütin dowamynda täze ýaşaýyş jaýlary, edara binalary üçin haly önümleriniň buýurmalary yzygiderli gelýär. Ýokary hil derejesi, uly göwrümi bilen tapawutlanýan bu önümler täze binalara bezeg berýär. Işleriň depgini aýlyk meýilnamanyň artygy bilen berjaý edilýär.
Soňky habarlar
Arhiw
“Çeper” halyçylyk kärhanasynda 2 million 326 müň manatlyga barabar haly önümleri dokaldy
17:3123.08.2019
0
1818
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň