Soňky habarlar

Arhiw

Gön öndürýän zawotda mekdep sumkalaryny hakyky gaýyşdan öndürmäge synanyşmak maksat edilýär

17:0823.08.2019
0
1753

Gökdepe etrap merkezinden 8-10 kilometr demirgazyk-günbatarda ýerleşýän bol çig maldan, mal derisinden gön öndürýän zawod işleýär.

Zawod iň ýakynyndaky obadan “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň başarnygy bilen dikeldilipdir. Zawodyň bir ýylda eýleýän sygyr derileriniň sany 17 müň 900-e, dowarlaryňky 21 müň 600-e ýetipdir. Desganyň ýyllyk taslama kuwwaty 87 göterimidir. Bu ýerde 46 işgär zähmet çekýär. Düýe ýüňünden ýorgan hem tikilip, gaýyş guşak taýýarmaklyk ýola goýlan.

Geljekde bu kärhanada mekdep sumkalaryny hakyky gaýyşdan öndürmäge synanyşmagy maksat edinýärler. Häzirki daşarky bazarlardan getirilýän guşaklardyr okuwçy sumkalarynyň özümizde çykarylmagy gyzyl puluň tygşytlanmagyna, mal derisiniň has ýerlikli we doly peýdalanylmagyna ýardam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň