Soňky habarlar

Arhiw

Gurban Berdiýew Mary welaýatynda iş saparynda boldy

23:4122.08.2019
0
13378

Türkmenistanyň we Russiýanyň meşhur tälimçisi Gurban Berdiýew Mary welaýatynda iş saparynda boldy. Ozal hem habar berşimiz ýaly, Kazanyň «Rubininiň» ozalky baş tälimçisi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bolup görüp, futbolyň ösdürilişi bilen tanyşmakçy.

Tälimçiniň Mary welaýatyna saparyna sebitiň sport jemgyýetçiligi we janköýerler tarapyndan uly gyzyklanma bildirildi. Duşuşyga ýygnananlaryň arasynda tälimçiniň Rejepmyrat Agabaýew, Merdan Nursähedow, Rahmanguly Baýlyýew ýaly köp sanly şägirtleri hem bar.

Duşuşygyň dowamynda Gurban Berdiýew «Rubinde» işlän ýyllaryndaky tejribesi we oýny kämilleşdirmek, toparyň mümkinçiliklerini artdyrmak barada gyzykly gürrüňleri hem-de maslahatlary berdi.

Günüň ikinji ýarymynda tälimçi «Bagtyýarlyk» hem-de «Energetik» stadionlarynda şäheriň sport mekdeplerinde tälim alýan çagalaryň türgenleşiklerine, ondan soňra bolsa Ýokary liganyň çägindäki «Merw» ― «Köpetdag» duşuşygyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Tälimçiniň ýurdumyzyň welaýatlaryna sapary ertir Lebap welaýaty bilen dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň