Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2019, 17-nji tapgyr: diňe «Şagadam» ýeňiş gazandy

23:0122.08.2019
0
9025

Türkmenistanyň futbol çempionaty 22-nji awgustda 17-nji tapgyryň duşuşyklary bilen dowam etdi. «Energetik» bilen «Altyn asyryň» arasyndaky duşuşygy 23-nji oktýabra geçirilen tapgyrda «Merw» «Köpetdagy», «Şagadam» «Aşgabady», «Ahal» bolsa «Nebitçini» kabul etdi.

Mary şäherinde «Merw» bilen «Köpetdagyň» arasynda geçirilen duşuşyga tejribeli tälimçi, Russiýanyň «Rubin» hem-de «Rostow» toparlary bilen uly üstünlikleri gazanan ildeşimiz Gurban Berdiýew hem gatnaşdy. Ol Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň çakylygy bilen ýurdumyza geldi. Tejribeli tälimçi iş saparynyň dowamynda welaýatlarymyzda futbolyň ösdürilişi bilen tanyşýar we futbol jemgyýetçiliginiň ýerli wekilleri bilen duşuşyklary, maslahatlary geçirýär. Tälimçiniň Mary welaýatyna sapary Ýokary liganyň çägindäki «Merw» ― «Köpetdag» duşuşygyna gabat geldi.

Turuwbaşdan dartgynly pursatlara baý bolan duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňme-deňlik bilen tamamlandy. 24-nji minutda Baýramgeldi Gulmaýewiň geçiren pökgüsi bilen öňe saýlanan «Köpetdag» bu üstünligini diňe 46-njy minuda çenli saklap bildi. Şol minutda Annageldi Weliýew tapawutlanyp, ýer eýelerine deňligi getirdi.

Türkmenbaşy şäherinde ýerli «Şagadam» bilen «Aşgabadyň» arasyndaky duşuşyk bolsa täsin ýagdaýda tamamlandy. 8-nji minutda Şatlyk Gurbanowyň geçiren pökgüsi bilen öňe saýlanan myhmanlar bu üstünligi 86 minutlap goradylar. Esasy wagtyň tamamlanmagyna bary-ýogy 3 minut galanda Daýanç Orazgulyýew «Şagadama» deňlik getiren pökgini geçirdi. Ýöne ýer eýeleriniň hüjümleri munuň bilen hem tamamlanmady. Şondan 2 minut soňra «Şagadamyň» başga bir futbolçysy Baýramgeldi Nurlyýew pökgini garşydaşyň derwezesine dürs girizip, toparyna ýeňiş getirdi.

«Aşgabat» stadionynda «Ahal» bilen «Nebitiniň» arasynda geçirilen duşuşykda bolsa hasap açylmady. Şeýlelikde, «Ahalyň» utuk ýitirmegi bilen, «Şagadam» ýaryş tertibiniň ikinji ornuna geçdi.

Yzda galan 17 tapgyrdan soňra «Altyn asyr» bilen «Şagadamda» 32 utuk bar, ýöne ýurdumyzyň sport abraýyny AFK-nyň kubogynda hem goraýan «aragatnaşykçylaryň» Ýokary ligada iki duşuşygy az geçirendigini hem aýtmak gerek. 17 tapgyrda 16 duşuşyk geçiren «Ahal» bolsa 31 utuk bilen ýaryş tertibiniň öňdäki üçlügini jemleýär.

FIFA-nyň günleri mynasybetli Ýokary liga biraz arakesme berler. 18-nji tapgyryň duşuşyklary bolsa 13 ― 14-nji sentýabrda geçiriler.

Geçirilen duşuşyklaryň netijesi:

“Merw” – “Köpetdag” – 1:1

Gollar: 46 Annageldi Weliýew (“Merw”) – 24 Baýramgeldi Gulmaýew (“Köpetdag”)

Duýduryşlar: 66 Ilýa Tamurkin (“Merw”) – 81 Batyrgylyç Berdiýew (“Köpetdag”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: A. Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.), E.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Mary ş.)

Gözegçi emin: M.Işmuhammedow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 500

“Şagadam” – “Aşgabat” – 2:1

Gollar: 87 Daýanç Orazgulyýew, 89 Baýramgeldi Nurlyýew (“Şagadam”) – 8 Şatlyk Gurbanow (“Aşgabat”)

Duýduryşlar: 90+2 Toýmämmet Sähetmämmedow (“Şagadam”) – 51 Atageldi Geldiýew, 61 Azady Annadurdyýew, 74 Nazar Towakelow, 83 Döwletmuhammet Jollatow (“Aşgabat”)

Geçirilen ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)

Duşuşygyň emini: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), A.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: G. Öwezow (Aşgabat ş.)

Tomnaşaçy sany: 300

“Ahal” – “Nebitçi” – 0:0

Duýduryşlar: 84 Guwanç Abylow (“Ahal”) – 47 Seýitmämmet Hojamämmedow, 72 Döwran Kakajykow (“Nebitçi”)

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 500

“Energetik” – “Altyn Asyr” (geçirilen 23.10.2019 ý.)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň