Soňky habarlar

Arhiw

Nur-Soltanda (Gazagystan) howpsuzlyk meseleleri boýunça “C5+1” formatyndaky ýokary derejeli duşuşygyň jemleri barada bilelikdäki beýannama

20:0722.08.2019
0
8123

ABŞ-nyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Hökümetleri,özara gyzyklandyrma bildirýän syýasy, ykdysady we howpsuzlyk ulagymdaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Gazagystanyň Nur-Soltan şäherinde “C5+1” formatynda duşuşyk geçirdiler.

ABŞ-nyň wekili  Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dewid Heýl, Gazagystanyň Daşary işler ministri Beýbut Atamkulow, Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Çingiz Aýdarbekow, Täjigistanyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Özbegistanyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow ykdysady özgertmeleri we sebitara hyzmatdaşlygy goldamak, sebitleýin howpsuzlyk meselelerine ýüzlenmek, Merkezi Aziýada we Owganystanda  parahatçylygy we abadançylygy artdyrmak ugrunda edilýän tagallalar barada pikir alyşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar özara gyzyklandyrma bildirýän meseleler boýunça pikir alyşmak hem-de  Merkezi Aziýa döwletleriniň garaşsyzlygyny, özbaşdaklygyny we territorial bitewüligini goldamak üçin “C5+1” fomatynyň ähmiýetini ýene-de bir gezek bellediler. Gatnaşyjylar “C5+1” formatyndaky geljekki duşuşyga degişli soraglary gözden geçirip, Howpsuzlyk, Özara ykdysady baglylyk we Ekologiýa boýunça iş toparlarynyň dowam edýän duşuşyklaryna üns çekdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň