Köneürgenç etrabyndaky pagta egiriji kärhanasynda geçen 7 aýda 22 mln 315 müň manatlyga golaý önüm öndürildi

16:5822.08.2019
0
684

Köneürgenç etrabyndaky pagta egiriji kärhanasynda her ýylda pagta süýmüniň 6700 tonnasy gaýtadan işlenilýär. Bu ýerde dürli belgili ýokary hilli ýüplik önümleriniň uly möçberleri öndürilýär. Kärhanada öndürilen önümler dünýä bazarlarynda ýokary isleglere mynasyp bolýar. Toplumyň önümçilik bölümleri öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň dürli görnüşli, ýokary öndürijilikli egiriji enjamlary bilen üpjün edilen. Kärhanada şu ýylyň geçen 7 aýynda 22 mln 315 müň manatlyga golaý önüm öndürildi. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde önümçiligi ösüş depgininiň 158 göterimden hem geçendigini aladýar. Bu ýerde kämil enjamlar bilen üpjün edilen barlaghana işleýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň