Soňky habarlar

Archive news

Gurban Berdiýew «Merw» ― «Köpetdag» duşuşygyny görmäge barar

14:2922.08.2019
0
6062
Gurban Berdiýew «Merw» ― «Köpetdag» duşuşygyny görmäge barar

Şu gün Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda 17-nji tapgyryň duşuşyklaryna badalga berler. Tapgyr Mary şäherindäki 10 müň orunlyk sport toplumynda geçiriljek «Merw» ― «Köpetdag» duşuşygy bilen başlar. 16 tapgyrda 7 utuk toplan bilen «Merw» häzir ýaryş tertibiniň soňky basgançagynda. «Köpetdag» bolsa dördünji orunda.

Duşuşyga meşhur tälimçi Gurban Berdiýewiň hem baryp görmegine garaşylýar. Kazanyň «Rubin» toparynyň ozalky baş tälimçisi şu günler Türkmenistanda iş saparynda bolýar. Ol saparyň dowamynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bolup, futbolyň ösdürilişi bilen tanyşmakçy.

«Türkmenportala» mälim bolşy ýaly, tälimçi şu gün sebitiň futbol jemgyýetçiliginiň ýolbaşçylary bilen hem duşuşar. Şeýle hem ol "Energetik" we "Bagtyýarlyk" staionlarynda çagalaryň türgenleşigine myhman bolar. 

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň