Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystandaky türkmen derbisinde ýeňiji Orazsähedow

19:1121.08.2019
0
4865

Gyrgyzystanyň futbol çempionatynyň 18-nji tapgyrynda paýtagt derbisi geçirildi. Onda Rahmet Şermetowyň «Algasy» düzüminde milli ýygyndymyzyň hüjümçisi Wahyt Orazsähedow çykyş edýän «Dordoýy» kabul etdi. Duşuşyk 0:2 hasabynda «Dordoýyň» ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşykdaky ikinji pökgini 45-nji minutda Wahyt Orazsähedow geçirdi. Ol esasy düzümde meýdana çykyp, 66-njy minuda çenli oýnady. «Alganyň» türkmenistanly legioneri Rahmet Şermetow bolsa duşuşygyň bütin dowamynda çykyş etdi.

38 utuk toplan «Dordoý» häzir ýaryşyň ikinji basgançagynda. Rahmet Şermetowyň topary bolsa 25 utuk bilen bäşinji orny eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň