Soňky habarlar

Arhiw

Gurban Berdiýewiň döwründen galan bergileri üçin «Rostowa» transfer gadagan edildi

18:5821.08.2019
0
4881

Interfaksyň ýazmagyna görä, Russiýanyň futboldaky meseleler boýunça birleşigi «Rostow» futbol klubyna täze oýunçylary almagy wagtlaýynça gadagan etdi. Bu gadaganlygyň esasy sebäbi topara türkmenistanly hünärmen Gurban Berdiýewiň tälim beren ýylaryndan galan bergilerdir.

Dünýä metbugatynda ozal hem habar berlişi ýaly, bu bergileriň belli bölegi tälimçiler düzüminiň zähmet haky bilen bagly. Ýöne klub şu ýylyň 28-nji iýunynda çykarylan karary ýerine ýetirmekde eglendi. Munuň üçin «Rostowa» pul jerimesi hem berildi.

«Rostow» futbol klubynyň 2014 ― 2017-nji ýyllar aralygynda türkmenistanly tälimçiniň ýolbaşçylygynda Russiýanyň çempionatynda kümüş medaly eýeläp, Ýewropanyň Çempionlar ligasyna hem gatnaşmaga hukuk gazanandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň