BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynda Ýörite Olimpiadanyň ýeňijileri sylaglanyldy

16:0321.08.2019
0
2875

Birleşen Arap Emirlikleriniň Aşgabatdaky ilçihanasynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň şu ýyl Abu-Dabi şäherinde geçirilen Bütindünýä tomusky ýörite Olimpiadasyndaky üstünlikli çykyşy gutlanyldy. Milli ýygyndynyň agzalary bu dabaranyň hormatly myhmanlary boldular.

Dabaranyň dowamynda türgenlere gymmat bahaly sowgatlar, Hormat hatlary we ýadygärlik nyşanlary gowşuryldy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Bütindünýä oýunlarynda 15 türgenimiz sportuň 6 görnüşi boýunça ýaryşdylar. Has takygy, türkmen türgenleri tennis, çeper gimnastika, badminton, ýeňil atletika, stoluň üstünde oýnalýan tennis we suwda ýüzmek boýunça ýaryşlara gatnaşdylar. Türgenlerimiz bu ýaryşlarda hormat münberine ýedi gezek çykdylar. Gazanylan medallaryň üçüsi altyn, ikisi kümüş, galan ikisi hem bürünç medallardyr.

Türkmenistanyň ýygyndy topary Tomusky ýörite Olimpiadasyna 1991-nji ýyldan bäri yzygiderli gatnaşyp gelýär. Olar her gezek hem Watanymyza medallaryň uly toplumy bilen dolanyp gelýärler.

Ýeri gelende aýtsak, nobatdaky Tomusky oýunlar 2023-nji ýylda Berlin şäherinde geçiriler. Ýöne ondan öň ― 2021-nji ýylyň fewralynda Şwesiýanyň Or we Estersun şäherlerinde Gyşky oýunlaryň hem geçiriljekdigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň