Arhiw

Mämmet Orazmuhammedow: «Hanoý» bilen bolan duşuşygyň netijesi bizi kanagatlandyrmady»

14:3121.08.2019
0
5624

Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol toparynyň 32 ýaşly derwezewany Mämmet Orazmuhammedow Wýetnamyň «Hanoý» topary bilen geçirilen duşuşykdan soňra metbugat maslahatynda öz pikirlerini beýan etdi. AFK-nyň kubogy ― 2019-yň Interzolagynyň ýarym finalynyň çägindäki bu duşuşygyň 3:2 hasabynda Wýetnamyň toparynyň peýdasyna tamamlanandygyny ýatladýarys.

― Garşydaş öz meýdanynda oýnady, olaryň üstünlikli oýnuna janköýerleriň gyzgyn goldawy hem täsirini ýetirdi diýip pikir edýärin. Ýöne biz hem erbet oýnamadyk. Biziň ganatlardan gurnan hüjümlerimiz, netijeli pökgi geçirmelerimiz garşydaş toparyň oýunçylaryny aljyraňňylyga saldy. Elbetde, duşuşygyň netijesi biziň haýrymyza çözülmedi. 2:2-lik deňlik biziň mümkinçiligimizi artdyryp bilerdi. Ýöne biz utuldyk. Jogap duşuşygynda has gowy oýnarys diýip pikir edýärin. Ýaryşy dowam etdirmek üçin bize ýekeje gol hem ýeterlik bolup biler.

Elbetde, ikinji oýunda bize has uly jogapkärçilik garaşýar. Hüjümleri has takyk geçirip, goraga-da ünsi güýçlendirmeli.

Penalti bardymy ýa ýokdy, ählisi yzda galdy. Tälimçimiz bize ruhdan düşmezligi ündeýär. Aşgabatdaky jogap duşuşygynda bizi ýekeje pökgi hem kanagatlandyryp biler. Bäş tälimçimiz oýundan soň bize üstünlik arzuw etdi ― diýip, derwezeçiniň aýdan sözleri AFK-nyň resmi saýtynda getirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň