Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýatynda 47 müň tonna golaý kartoşka ýygyldy

13:2521.08.2019
0
8790

Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynda miwe, gök we bakja ekinleriniň, üzüm ýygymynyň gyzgalaňly döwri dowam edýär. Şu wagta çenli sebitde 47 müň tonna golaý kartoşka ýygnaldy, munuň özi ýyllyk tabşyrygyň 97 göteriminden-de köpdür. Kartoşka ýygymynda S.A.Nyýazow adyndaky we Köneürgenç etraplarynyň ekarançylary öňde barýarlar. Ýeri gelende, daşoguzly bagbanlaryň, gök ekarançylaryň we bakjaçylaryň önümlerine alyjylar tarapyndan islegiň ýokarydygyny we olaryň ýurdumyzyň beýleki söwda nokatlaryna-da iberilýändigini aýtmak gerek diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Döwlet tarapyndan toplumlaýyn goldaw berilmegi we bazar gatnaşyklary gurallarynyň ösdürilmegi, pudagyň enjamlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy, ýerden we suwdan rejeli peýdalanylmagy, önümçilige öňde baryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, maksada gönükdirilen seçgiçilik we görnüş synaglary, möwsümleýin we bazaryň talaplaryna çeýe seslenilmegi Daşoguz welaýatynyň oba senagat önümçiliginiň, hususan-da, gök-miwe önümçilgi ulgamynyň sazlaşykly ösüşine ýardam edýän şertlerdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň