Aşgabatda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

12:4521.08.2019
0
7581

20-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň orunbasary - Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary S.Iwanowyň ýolbaşçylygyndaky GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi ― diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berýär.

Duşuşygyň başynda taraplar şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna Başlyklyk etmeginiň çäklerinde çäreleriň meýilnamalaýyn durmuşa geçirilişini kanagatlanma bilen belläp geçdiler, bu bolsa öz nobatynda tutuş sebitiň ykdysady hem-de durmuş taýdan ösüşine özüniň oňyn täsirini ýetirýändir. Gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda syýasy, ykdysady, ekologiki we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine hem seredilip geçildi.

Öňde duran çärelere, hususan-da şu ýylyň oktýabrynda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine görülýän taýýarlyklar aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň