Soňky habarlar

Arhiw

Küşt boýunça aýal-gyzlaryň arasynda geçirilen Türkmenistanyň birinjiligi tamamlandy

12:1221.08.2019
0
2738

Paýtagtymyzdaky küşt we şaşka mekdebinde aýal-gyzlaryň arasynda geçirilen Türkmenistanyň birinjiligi tamamlandy. Ýaryş awgust aýynyň 4-19 aralygynda geçirildi. Çempionata jemi welaýatlardan we Aşgabat şäherinden 16 küştçi gatnaşdy. Jemi oýnalan 15 döwüň netijesinde FIDE-niň ussady Jemal Öwezdurdyýewa 12 utuk bilen 1-nji orny eýeläp Türkmenistanyň 20019-njy ýykdaky çempiony boldy. Jemalyň tälimçisi FIDE-niň ussady, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, halkara derejeli emin Şöhrat Myratgulyýew. 2-nji orna Hurma Weliýewa, 3-nji orna bolsa, Lala Şöhradowa dagylar mynasyp boldular. Netijede küşt oýny boýunça milli ýygyndymyzyň oýunçylary belli saýlanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň