Soňky habarlar

Arhiw

“Himiýa” zawodynda geçen 7 aýyň görkezijileri boýunça 49 mln 184 müň 338 manatlyk önüm öndürildi

12:0621.08.2019
0
821

Türkmenabadyň “Himiýa” zawodynda geçen 7 aýyň görkezijileri boýunça 49 mln 184 müň 338 manatlyk önüm öndürilip, bellenen meýilnama 104,16 göterim amala aşyryldy. Netijede geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depgini 146,1 göterime deň boldy. Ýylyň başyndan bäri fosforly mineral dökünleriň 151 müň 260 tonnasy taýýarlanylyp, meýilnama 101,1 göterim ýerine ýetirildi. Täze kükürt kislotasy önümçiliginiň işe girizilmegi netijesinde, zawodyň önümçilik kuwwaty artdyrylyp, taýýarlanylýan önümiň hil taýdan ýokary derejä çykarylmagyna uly itergi berdi. Kükürt kislotasynyň düzüm aýratynlygyna laýyklykda iki görnüşi öndürilýär. Kärhananyň işi awtomatiki usulda dolandyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň