“Ahalawtoulag” önümçilik birleşigine awtoulaglaryň täze tapgyry gelip gowuşdy

11:5421.08.2019
0
1663

Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň häzirki zaman ýük we ýolagçy gatnadyjy awtoulaglary halkymyz üçin yzygiderli satyn alnyp berilýär. Ahal welaýatynyň “Ahalawtoulag” önümçilik birleşigine Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndan dünýä meşhur “Kamaz” kysymly awtoulaglaryň täze tapgyry gelip gowuşdy. Bu ulaglaryň ýük göterijiligi 20 tonna barabardyr. Welaýatda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyk işlerinde, welaýatda hereket edýän kuwwatly önümçilikleriň taýýar önümlerini daşamakda we beýleki maksatlar üçin ulanyljak, kuwwatly awtoulaglar kärhanada halkymyzyň asylly däplerine eýerilip ýagşy arzuw dilegler bilen garşy alyndy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň