Pekin we Daliýan şäherlerinde ýaşlaryň VIII-nji halkara festiwaly geçirildi

11:3721.08.2019
0
751

  9 — 18-nji awgust aralygynda Hytaý Halk Respublikasynda Ýaşlaryň 8-nji halkara festiwaly geçirildi. Pekin we Dalian şäherlerinde geçirilen bu çärä ýurdumyzyň wekilçilikli topary gatnaşdy.
    Halkara festiwalyň ýörite taýýarlanan meýilnamasyna laýyklykda, myhmanlar üçin Hytaýyň gözel künjeklerine gezelençler guraldy. Olaryň çäklerinde «EXPO — 2019» atly sergi meýdançasynda festiwalyň dabaraly açylyşy boldy. Bu dabara Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň wekili hem-de türkmen tarapynyň wekili söz sözledi. Ençeme döwletden baran sungat ussatlary bu sergi meýdançasynda milli tanslary, dürli görkezme oýunlary bilen çykyş etdiler. 
    Bellenilen meýilnama görä, 12-nji awgustda «Guşuň höwürtgesi» diýip atlandyrylýan stadionynda festiwala gatnaşyjy döwletlere degişli Güwänamalaryň gowşurylyşy boldy. Soňra dünýäde öz täsinligi bilen tapawutlanýan Beýik Hytaý diwaryna gezelenç guraldy. 
    Festiwalyň çäklerinde Pekin şäheriniň Dabaralar hem-de kinoteatr merkezinde konsert guraldy. Onda ýurdumyzyň «Galkynyş» tans toparynyň «Küştdepdi» tansy ýerine ýetirildi. Şeýle-de Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde tans toparlaryň «Sungat, döredijilik» atly çäresi geçirildi. Bu çäre tejribe alyşmakda, dünýä medeniýeti, sungaty bilen tanyşmakda uly ähmiýete eýe boldy. Döredijiligiň, dostlugyň toýuna öwrülen bu medeni çäräniň dowamynda Dalian şäheriniň sergi merkezinde dünýäniň 16 döwletiniň sungat wekilleriniň gatnaşmagynda şowhunly konsert guraldy. Onuň bilen birlikde, dürli oýunlar hem guraldy. Olaryň netijeleri boýunça kesgitlenen baýraklar gowşuryldy. Şeýle çäreler bilen bir hatarda, şäheriň «Disney Land» seýilgähinde çagalaryň ýörite dynç alyş we gezelenç çäreleri boldy. 
    Dürli halklaryň medeniýetlerini bir ýerde şöhlelendiren festiwalyň dowamynda Dalian şäheriniň «Uşu» atly muzeýine gezelenç guralyp, onuň çäklerinde Uşu sungaty bilen bagly çykyşlar ýerine ýetirildi. 
    Şäheriň sport merkezi bolan Pawiliýonda 8-nji halkara festiwala gatnaşan tans toparlaryna baýraklaryň gowşurylyş dabarasy boldy. 
    Hytaý Halk Respublikasyndaky duşuşyklar we dürli mazmunly medeni çäreler türkmen medeniýetini, edebiýatyny, sungatyny halkara giňişlige giňden ýaýmakda uly ähmiýete eýedir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň