Soňky habarlar

Arhiw

Ukrainanyň ilçisi Türkmenistandaky diplomatik missiýasyny tamamlady

11:3521.08.2019
0
3745

19-njy awgustda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi W.N.Şewalýow bilen duşuşygy boldy ― diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berýär.

Duşuşygyň başynda daşary syýasat edaranyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezideni Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan W.N.Şewalýowa türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar Türkmenistanyň we Ukrainanyň arasyndaky özarabähbitli gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna ygrarlydyklaryny tassykladylar we iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky

hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem giňeldilmeginiň zerurlygyny aýratyn nygtap geçdiler.

Jenap Ilçi türkmen tarapyna ýurdumyzda özüniň diplomatik işini durmuşa geçirmekde beren hemaýat-goldawy üçin minnetdarlygyny bildirdi we türkmen halkynyň ýokary myhmansöýerligini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň