Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy ― 2019: «Hanoý» AFK-nyň kubogynda türkmen toparlary bilen duşuşan 30-njy garşydaş boldy

11:0421.08.2019
0
1516

Wýetnamyň «Hanoý» futbol topary AFK-nyň kubogynda Türkmenistanyň toparlary bilen duşuşan 30-njy garşydaş boldy.

Yklymyň ikinji derejeli ýaryşynda biziň toparlarymyz bilen iň köp duşuşan garşydaş Täjigistanyň «Istiklol» toparydyr. Biziň toparlarymyz bilen, esasan, toparçalaýyn tapgyrlarda duşuşan Täjigistanyň çempiony türkmen toparlary bilen jemi 10 duşuşyk geçirdi.

Sanawyň ikinji, üçünji orunlarynda Gyrgyzystanyň «Dordoý» hem-de «Alaý» toparlary bar. Biziň futbolçylarymyz bu toparlaryň birinjisi bilen 9, ikinjisi bilen 8 duşuşyk geçirdiler.

Şeýle hem türkmen toparlary garşydaşlarynyň üçüsi bilen 6, ikisi bilen 4, biri bilen 3 gezek duşuşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň