Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy ― 2019: «Altyn asyr» AFK-nyň kubogynda 50-nji duşuşygyny geçirdi

11:0021.08.2019
0
598

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Altyn asyr» futbol toparynyň oýunçylary AFK-nyň kubogyndaky gollarynyň sanyny 50-den geçirdiler. Yklym ýaryşyna ilkinji gezek 2015-nji ýylda gatnaşan Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri bu sepgide 31 duşuşykda ýetdiler.

«Hanoý» ― «Altyn asyr» (3:2) duşuşygynyň 4-nji minudynda Myrat Ýagşyýewiň geçiren pökgüsi «Altyn asyryň» yklymyň ikinji derejeli ýaryşyndaky 50-nji goly hökmünde hasaba alyndy. Hüjümçiniň özi bolsa yklym ýaryşynda 13-nji goluny geçirdi.

Ýeri gelende, «Altyn asyryň» geçen ýyl bu ýaryşyň finalyna çenli üstünlikli baryp ýetendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň