Soňky habarlar

Arhiw

Ýazguly Hojageldiýew: «Altyn asyra» Wýetnamyň howa şertlerine uýgunlaşmak kyn boldy»

23:5720.08.2019
0
4493

«Altyn asyryň» baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew AFK-nyň kubogy ― 2019-yň Interzolagynyň ýarym finalynda Wýetnamyň «Hanoý» topary bilen geçirilen duşuşykdan soňra žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi. Tälimçi utulyşy futbolçylaryň howa şertlerine uýgunlaşmandygy bilen delillendirdi.

― Berlen 11 metrlik jerime urgusy barada siz nähili pikirde?

― Anyk bir zat aýtmak häzir hem kyn. Duşuşygyň dowamynda pökgini kän ýitirdik, hatda ýönekeýje pursatlarda hem pökgi ýitiren gezeklerimiz boldy. Dogrusy, bize howa şertlerine uýgunlaşmak kyn düşdi.

― Duşuşykdan öň siz wýetnam futbolynyň derejesinden kän bir habaryňyzyň ýokdugyny aýdypdyňyz. Siz indi nähili pikirde?

― Garşydaş duşuşyga ünsüni örän gowy jemledi. Olar gowy oýnadylar. Bize bolsa howa şertleri täsir etdi (duşuşykdan öň güýçli jala ýagdy, howanyň çyglylygy artdy ― redaksiýanyň belligi). Beýle mesele ýüze çykar we ol biziň duşuşygymyza täsir eder diýip pikir etmeýärdik. Wýetnamly futbolçylary gowy we arassa futbol oýnap bilýändigini görzkezdiler.

― «Hanoýyň» 19-njy belgili futbolçysy barada näme aýdyp bilersiňiz? Ol duşuşykda iki gezek tapawutlandy.

― Pökgi geçirdi, diýmek, öz ussatlygyny görkezdi. Garşydaşyň haýsydyr bir oýunçysy hakynda pikir aýtmakdan saklanýaryn. Esasy zat, duşuşyk erbet geçmedi. Entek öňde Türkmenistanda jogap duşuşygy hem bar.

― Siz Aşgabatdaky duşuşykda bu oýunça garşy has hüşgär bolmagy meýilleşdirýärsiňizmi?

― Heniz hiç zat aýdyp bilmeris, entek wagt bar.

― Size Hanoýyň stadionynyň meýdany ýaradymy?

― Meýdan örän gowy ýagdaýdady.

― Siz «Altyn asyryň» geçiren pökgüleriniň size artykmaçlyk berjekdigine ynanýarsyňyzmy?

― Myhmançylykdaky islendik gol artykmaçlykdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň