Soňky habarlar

Arhiw

“Gerçek” aýakgap kärhananda bir ýylda aýakgaplaryň 14 million jübti öndürilýär

19:5620.08.2019
0
5225

Mary şäherindäki “Gerçek” harytnyşanly aýakgap önümleri öndürýän hususy kärhanasynda kämil tehnologik enjamlar arkaly, dürli görnüşdäki, dürli ölçegdäki aýakgaplar öndürilýär. Bu hususy kärhanada 7 sany bölüm bar. Bu aýakgap kärhananyň bir ýylda aýakgaplaryň 14 million, sport aýakgaplarynyň 3 million, ädikleriň 2 mln 500 müň jübtüni öndürmäge mümkinçiligi bar. Döwrebap aýakgaplary öndürmekde dürli serişdeler çig mal hökmünde ulanylýar. Işgärler awtomatik usulda dolandyrylýan çig mal erginini galyba guýujy, aýakgaplary timarlaýjy, dürli reňkli ýüpleri örüji enjamlaryň saz we bökdençsiz işlemegini üpjün edýärler. Kärhanada gyş paslyna niýetlenen, içi sütükli ýyly aýakgaplar hem taýýarlanylýar. Aýakgap önümlerini nagyşlamakda we bezemekde lazer şöhleli enjamlar ulanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň