AFK-nyň kubogy - 2019: "Altyn asyr" "Hanoý" bilen duşuşygyň soňky minutlarynda deňligi elden giderdi

19:0920.08.2019
0
9060

Surat: AFC.

«Altyn asyryň» futbolçylary AFK-nyň kubogy ― 2019-yň Interzolagynyň ýarym finalynyň ilkinji duşuşygynda myhmançylykda Wýetnamyň «Hanoý» toparyndan 2:3 hasabynda asgyn geldiler.

Duşuşykda Türkmenistanyň çempiony hasaby ilkinji bolup açdy. 4-nji minutda Myrat Annaýewiň özüne geçren dürs pökgüsinden soňra Myrat Ýagşyýew ezberlik bilen hasaby açdy. Birinji ýarymyň tamamlanmagyna dört minut galanda ýer eýeleriniň ýarym goragçysy Nguýen Kuang Haý jerime urgusyndan dürs peýdalanyp, hasaby deňledi. Toparlar arakesmä 1:1 hasabyndaky deňlik bilen çykdylar.

61-nji minutda Nguýen Kuang Haý duşuşykdaky ikinji pökgüsini geçirdi we toparyny 2:1 hasabynda öňe çykardy. Ýöne biziň ildeşlerimiziň jogaby gijikmedi. 64-nji minutda Altymyrat Annadurdyýew dürs urgy bilen hasaby 2:2-ä çykardy. Bu hasap «Altyn asyryň» futbolçylary üçin ýeterlik bolup bilerdi. Emma 88-nji minutda Wan Kuýet Nguýeniň dürs ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusy duşuşykdaky deňligi bozdy. Duşuşyk 3:2 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy.

Jogap duşuşygy 27-nji awgustda «Köpetdag» stadionynda geçiriler. Onuň sagat 17-de başlanmagyna garaşylýar. Bu jübütleriň  ýeňijisi Interzolagyň finalynda Bangladeşiň «Abahani Limited» topary bilen KHDR-nyň «April 25» topary bilen duşuşar.

AFK-nyň kubogy ― 2019, Interzolagyň ýarym finaly. Birinji duşuşyk

20-nji awgust. Hanoý. «Hangdaý» stadiony. 6 250 tomaşaçy.

«Hanoý» (Wýetnam) ― «Altyn asyr» (Türkmenistan) ― 3:2 (1:1)

Goly: Myrat Ýagşyýew, 4 (0:1), Nguýen Kuang Haý, 41 (1:1), Nguýen Kuang Haý, 61 (2:1), Altymyrat Annadurdyýew, 64 (2:2), Nguýen Wan Kuýet, 88, 11 m.j.u. (3:2).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň