Türkmenistanda güýzki at çapyşyk möwsümine 7-nji sentýabrda badalga berler

15:4320.08.2019
0
1553

Türkmenistanda geçirilýän atçylyk sport ýaryşlarynyň halkymyzyň baý atçylyk däplerini has-da ösdürmäge, milli buýsanjymyz bolan, asyrlaryň dowamynda şöhratlanan ahalteke bedewlerimizi bütin dünýäde wagyz etmäge ýardam berýär diýip, 19-njy awgustda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti belledi. Şu ýyl güýzki at çapyşyklaryny sentýabr aýynyň birinji ongünlüginde başlamagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, döwlet Baştutany 7-nji sentýabrda ýetginjekleriň arasynda, 8-ine bolsa çapyksuwarlaryň arasynda ýaryşlaryň ýokary derejede guralmagyny tabşyrdy.

Türkmenistanda her ýyl ýazky we güýzki at çapyşyk möwsümleri geçirilýär. Möwsümleriň açylyş we jemleýji ýaryşlarynda has uly baýraklar hem goýulýar. Käbir şanly senelerde bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan hem ýörite baýraklar goýulýar. Iň ezber çapyksuwarlar we ýyndam atlar döwlet Baştutanynyň baýraklaryna mynasyp bolýar.

At çapyşyklary Türkmenistanyň ähli sebitlerinde gurlan döwrebap atçylyk toplumlarynda geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň