Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda pagta ýygymyna we güýzlük bugdaý ekişine taýýarlyk görülýär

15:2920.08.2019
0
2434

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly 19-njy awgustda geçirilen iş maslahatynda wise-premýer E.Orazgeldiýew milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda işleriň ýagdaýyny barlamak maksady bilen welaýatlar boýunça guralan iş saparlarynyň netijeleri barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda güýzlük bugdaýyň ekişine taýýarlyk görmek ýokary depginde dowam edýär. Ekerançylar ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilýär, oba hojalyk tehnikalary taýýarlyk hatarynda goýuldy.

Wise-premýer şu günler gowaça agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleriniň toplumlaýyn alnyp barylýandygy hem-de pagta hasylyny ýygnamaga taýýarlyk işleriniň derejesi barada hasabat berdi. Bu babatda meýilnamadaky görkezijileriň gazanylmagy üçin ýurdumyzyň sebitlerinde degişli işler geçirildi. Ýokary öndürijilikli kombaýnlar hem-de ýük awtoulaglary we tirkegli traktorlar «ak altyn» möwsüminiň takyk depginini üpjün eder. Kabul ediş bölümleri hem-de pagta arassalaýjy zawodlar gije-gündizleýin işlemäge doly taýýar edildi. Şolaryň ýanynda pagtanyň hilini barlamak üçin döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen barlaghanalar ýerleşýär.

Şeýle hem maldarçylyk toplumlarynyň gyş möwsümine taýýarlanylyşy barada habar berildi, şolarda iri we ownuk şahly mallary saklamak üçin degişli işler geçirildi. Wise-premýer hasabatyň çäklerinde at çapyşyklarynyň güýzki möwsümini guramak boýunça geçirilýän işler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «ak altyn» möwsümini geçirmegiň meselelerine ünsi çekip, öňde boljak oba hojalyk möwsümi bilen baglanyşykly taýýarlyk işleriniň barşyna berk gözegçiligi üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. Güýzlük bugdaýyň ekişi hem ýurdumyzyň ekerançylary üçin uly jogapkärli synaga öwrüler diýip, milli Liderimiz bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň