Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda oba hojalygyny ösdürmek babatyndaky işler yzygiderli dowam etdirilýär

15:2420.08.2019
0
1873

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 19-njy awgustda geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýew ýolbaşçylyk edýän düzümindäki edaralaryň alyp barýan işleri hem-de ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi diýip, Döwlet habarlar agentliginiň habarynda aýdylýar.

Hasabatyň çäklerinde güýzlük bugdaý ekişine we «ak altyn» hasylyny ýygnamaga taýýarlyk görlüşi barada habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, öňde boljak işleriň, şol sanda sanly ulgamlary ornaşdyrmak arkaly tehniki taýdan hyzmat etmegiň ýokary derejesini üpjün etmek maksady bilen görülýän anyk çäreler barada aýdyldy. Ekerançylary tohum bilen üpjün etmegiň meseleleri hasabatyň esasyny düzdi.

Şeýle hem oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ýer bölekleri uzak möhletli peýdalanmaga berlen ýurdumyzyň hususy haryt öndürijileriniň alyp barýan işleri barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berildi.

Ministrlige degişli bolan taýýar oba hojalyk önümlerini saklamaga niýetlenen kärhanalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berildi. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek baradaky döwlet syýasatynyň düzgünlerinden ugur alnyp, gök we miwe önümlerini sowadyjy ammarlarda saklamak üçin kabul etmäge taýýarlyk görmek boýunça maksadalaýyk işler alnyp barylýar. Şeýle hem Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly ekilen meýdanlara, Mary we Balkan welaýatlarynda gant şugundyrynyň ýetişdirilýän meýdanlaryna ideg etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýdyldy.

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynda oba hojalyk işleri alnyp barlanda, agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmegiň bereketli hasyly almagyň esasy şerti bolup durýandygyny belledi. Meýilleşdirilen ähli çäreler bellenen möhletinde we ýokary derejede ýerine ýetirilmelidir diýip, döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow möwsümleýin işleriň barşyny, tehnikalar bilen üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy, şeýle hem daýhanlaryň çeken zähmetine öz wagtynda töleg geçirilmegini üpjün edip, olar bilen özara hasaplaşyklaryň meselelerine jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň