Soňky habarlar

Arhiw

Jemgyýetçilik ulaglarynyň hereketine gözegçiligi gowşadanlygy üçin «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň ýolbaşçysyna berk käýinç yglan edildi

11:1420.08.2019
0
10968

19-njy awgustda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy O.Suhanow döwlet Baştutanyna ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işini döwrüň talabyna laýyk derejede üýtgedip guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Soňky döwürde häzirki zaman awtobuslaryny we beýleki ýolagçy ulaglaryny satyn almagyň hasabyna agentligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bilen bagly wezipelere döwlet derejesinde ähmiýet berilýär diýip, milli Liderimiz belledi. Pudagyň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler ýolagçylara hyzmat etmegiň derejesini we hilini ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Işleriň talabalaýyk derejede ösdürilmegine yzygiderli ähmiýet berilýändigine garamazdan, häzirki tomus möwsüminde şäher awtobuslarynyň bökdençsiz hereket etmeginiň ünsden düşürilýändigini tassyklaýan anyk maglumatlar bar diýip, döwlet Baştutany belledi. Şeýlelikde, şu tomus möwsüminde jemgyýetçilik ulaglarynyň hereketi boýunça bellenilen tertipnamalarynyň bozulan ýagdaýlarynyň bolandygyny belläp, milletiň Lideri bu işleriň günübirin düzedilmegini talap etdi.

Döwlet Baştutany wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, agentligiň işini guramakda kemçiliklere ýol berendigi üçin, Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy O.Suhanowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.

Döwlet Baştutany täze okuw ýylynyň başlaýandygyny nazara alyp, mekdep okuwçylarynyň we talyp ýaşlaryň bilim edaralaryna öz wagtynda baryp bilmegi üçin awtobuslaryň hereketinde hiç hili bökdençligiň ýüze çykmazlygy babatda zerur tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy. Jemgyýetçilik ulaglarynda edilýän hyzmatyň medeniýetini ýokarlandyrmak, onuň halkara ülňülere laýyk gelmegi berk talap bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň