Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň woleýbol ýygyndysy Aziýa çempionatynyň merkezi zolagyna ýeňiş bilen başlady

21:3919.08.2019
0
9826

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu günler Türkmenistanyň woleýbol boýunça milli ýygyndysy Nepalyň Katmandu şäherinde geçirilýän Aziýa çempionatynyň Merkezi zolagynyň ýaryşyna gatnaşýar. Geçen ýyl hem bu zolagyň çempiony bolan türkmen woleýbolçylary täze ýaryşa ýeňiş bilen başladylar. Ilkinji duşuşygyny Owganystanyň ýygyndysy bilen geçiren ildeşlerimiz 3:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Netijeden hem görnüşi ýaly, duşuşygyň ykbalyny dört döw kesgitledi. Deňeçer ýagdaýda geçen birinji döw bellenen çäkden 7 utugyň kän gazanylmagy bilen tamamlandy. Has takygy, uzak dowam eden döwde ildeşlerimiz Owganystanyň ýygyndysyny 32:30 hasabynda ýeňdi.

Garşydaşlar birinji döwüň ahmyryny ikinji döwde çykardylar. Bu gezek owgan woleýbolçylary 25 utuk toplaýança, biziň ildeşlerimiz bary-ýogy 16 utuk toplamagy başardylar. Her niçigem bolsa, ýaryşyň soňky çempiony üçünji döwde özüni dürsedi. Ýene-de deňeçer ýagdaýda geçen duşuşyk 27:25 hasabynda biziň woleýbolçylarymyzyň ýeňşi bilen tamamlandy. Ýeňijini kesgitlän jemleýji döwde bolsa biziň ildeşlerimiz 26:24 hasabynda ýeňiş gazandylar.

Türkmenistanyň woleýbol ýygyndysy Aziýa çempionatyndaky ikinji duşuşygyny ertir ― 20-nji awgustda özbek woleýbolçylary bilen geçirer.    

1-njy tur, 19-njy awgust:

Turkmenistan – Owganystan – 3:1 ( 32-30; 16-25; 27-25; 26-24)

Nepal – Gyrgyzystan – 0:3 (23-25; 22-25; 22-25)

Banglades – Özbegistan – 0:3 ( 16-25; 16-25; 23-25)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň