Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýazguly Hojageldiýew: «Hanoý» ýönekeý topar däl, bize çylşyrymly oýun garaşýar»

19:3719.08.2019
1
12553

Şu gün Wýetnamyň paýtagtynda geçirilen metbugat maslahatynda Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol toparynyň baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi. Ozal hem habar berşimiz ýaly, «Altyn asyr» we «Hanoý» ertir «Hangdaý» stadionynda AFK-nyň Interzolagynyň ýarym finalynyň çägindäki duşuşygyny geçirer.
Žurnalistleriň ilkinji sowaly «Altyn asyryň» sanawyna goşulan iki sany daşary ýurtly futbolçy ― 27 ýaşly Piter Opiýo (Keniýa) we 33 ýaşly Uçe Kalu (Nigeriýa) bilen bagly boldy..
– Hawa, bu dogry ― diýip, Ýazguly Hojageldiýew ýerli žurnalistleriň gyzyklanmasyna jogap berdi. ― Ýöne biz ikitaraplaýyn resminamalary doly taýýarlap ýetişmedik. Şonuň üçin hem olar ertirki duşuşykda bize kömek berip bilmez.
― Garşydaş ― «Hanoý» barada näme aýdyp bilersiňiz?
― Aýratyn bir teswirlemäm ýok. Interzolagyň ýarym finalyna gowşak topar çykmaýar, şonuň üçin hem bize juda çynlakaý oýun garaşýar. Biz duşuşyga taýýar we ähli güýjümizi orta goýmaga çalşarys.
― Siziň nazaryňyza «Hanoýyň» haýsydyr bir oýunçysy ildimi?
― Maňa toparyň kapitanynyň oýny ýarady, ol «10-luk» belgide çykyş edýär (Wan Kuýet Nguen ― redaksiýanyň belligi). Onuň topardaky ýolbaşçylyk ukyby ýokary. Biz garşydaşyň duşuşyklaryna tomaşa etdik. Ertirki duşuşykda öz meýilleşdiren oýnumyzy orta goýmaga çalşarys.
― «Altyn asyr» Türkmenistanyň çempionatynda näçenji orunda? Siz Hanoýa näçe futbolçy bilen geldiňiz?
― Türkmenistanyň çempionatynda biz häzir birinji orunda, ol häzir dowam edýär. Sanawda 18 futbolçy bar, olaryň ählisi oýna taýýar.
― «Altyn asyryň» futbolçylarynyň näçesi milli ýygyndyda çykyş edýär?
― Häzir biz bu barada anyk zat aýdyp bilmeris. Ýöne 10-dan gowrak futbolçymyz milli ýygyndymyza dalaşgär. Anyk näçe futbolçynyň çagyryljakdygyny bolsa milli ýygyndynyň baş tälimçisi kesgitlär.
― Sizde Wýetnam futbolynyň derejesi barada nähili maglumat bar?
― Uly bir maglumatym ýok. Ýedi ýyl mundan ozal men Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi hökmünde Hoşiminde geçirilen «VFF Cup 2012» halkara ýaryşyna gelipdim. Şonda biziň futbolçylarymyz ikinji orny eýeläpdi. Biz Wýetnamda futbolyň örän söýülýändigini we onuň ýurtdaky esasy sport görnüşleriniň biridigini bilýäris.
― «Hanoý» bilen boljak duşuşyga çenli «Altyn asyryň» näçe futbolçysy milli ýygyndyda çykyş edýärdi?
― 10-dan gowrak futbolçy. Ýöne olaryň käbiri şikes aldy. Milli ýygyndymyzyň soňky duşuşygynda (Uganda bilen bolan duşuşyk ― redaksiýanyň belligi) biziň toparymyza 7 futbolçy wekilçilik etdi. Geljekde näçe bolar, men aýdyp bilmerin. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň