Myrat Ýagşyýew: «Biz Hanoýa ýeňiş üçin geldik»

14:5119.08.2019
0
4107

«Altyn asyryň» hüjümçisi Myrat Ýagşyýew AFK beren interwýusynda şikesden soňky ýagdaýy, toparynyň AFK-nyň kubogyndaky maksatlary we Interzolagyň ýarym finalynda «Hanoý» bilen geçiriljek duşuşykdan garaşýan netijesi barada aýtdy. Maňa topardaşlarym bilen bile türgenleşmek hem juda möhümdi. Olar bilen türgenleşiklere başlamak bolsa meniň üçin juda ýakymlydy.
«Şikes sebäpli duşuşyga çykyp bilmedik günlerim meniň üçin juda agyr boldy. Şu ýyl bolsa men AFK-nyň kubogynda toparymyň ýeňiş gazanmagyna elimden gelen kömegimi bermek isleýärin. Biz ýene-de ikinji orun bilen galmak islemeýäris. Saglygyma gowşamsoň, men özümi örän oňat duýýaryn. Häzir bize «Hanoý» bilen boljak iki sany jogapkärli duşuşyk garaşýar. Ýöne biz ýeňiş gazanmak üçin geldik» diýip, AFK-nyň saýtynda hüjümçiniň aýdan sözleri getirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň