Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Geldiýew: «Altyn asyr» AFK-nyň kubogyna mynasyp bolmaga synanyşar»

13:5419.08.2019
1
7064

«Altyn asyryň» baş tälimçisi Serdar Geldiýew AFK-nyň Interzolagynyň ýarym finalynyň ilkinji duşuşygyndan ozal AFK-a interwýu berdi. Kapitan bu interwýuda AFK-nyň kubogy ― 2019, ondaky maksatlary hem-de şu duşuşykdan garaşýan netijesi barada aýtdy.
«Bu ýaryşyň biziň üçin uly ähmiýeti bar. Biz AFK-nyň kubogyna mynasyp bolmak maksady bilen ýola düşdük. Elbetde, ýaryşda her bir topary ýeňmek isleýäris, ýöne geçen ýyl Basradaky finalda «Air Force Club»-dan asgyn geldik. Bu ýyl ýene bir mümkinçiligimiz bar. Maksadymyz geçen ýyl hem Kuboga mynasyp bolmakdy, ol bu ýyl hem üýtgewsizligine galýar. Geçen ýyl ädimme-ädim ýol geçip, finala baryp ýetdik. Toparçalaýyn tapgyr juda täsin boldy we toparçanyň ýeňijisi «Istiklol» bilen geçirilen soňky duşuşykda kesgitlendi. Bu ýyl hem aňsat bolmady. Biz toparçalaýyn tapgyrda ýene-de gowy oýnadyk, ýöne pökgi geçirmekde biraz kynçylyk çekdik. Geçen ýylky ornumyzy gowulandyrmaga, ýaryşyň ýeňijisi bolmaga çalşarys» diýip, AFK türkmenistanly ýarym goragçynyň aýdanlaryny getirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň