AFK-da «Altyn asyr» bilen «Hanoýyň» arasynda geçiriljek duşuşykda koreýaly hünärmenler eminlik eder

13:1219.08.2019
0
2378

Koreýa Respublikasynyň eminler topary AFK-nyň kubogynyň Interzolagynyň ýarym finalynda geçiriljek «Hanoý» ― «Altyn asyr» duşuşygynda eminlik eder. Duşuşyk 20-nji awgustda Hanoý şäherinde geçiriler.

Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň ştab-kwartirasyndan berilýän habara görä, duşuşygyň baş emini, FIFA derejeli hünärmen Kim De Ýong bolar. Oňa watandaşlary Pak San Jun bilen Ýun Kwan Ýol kömek berer. Duşuşygyň ätiýaçdaky emininiň wezipesi FIFA-nyň emini Kim Wu Suna ynanyldy. Iordaniýaly Awni Abdel Karim Hassun gözegçi emin, malaýziýaly Jeýsing Musiýa bolsa komissar bolar.

Interzolagyň ýarym finalynyň ilkinji duşuşygy 20-nji awgustda «Hangdaý» stadionynda bolar. Onuň ýerli wagt bilen sagat 19-da başlanmagyna garaşylýar.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň