Türkmen ýeňil atletikaçysy Daşkentde geçirilen halkara ýaryşda altyn medal gazandy

20:5618.08.2019
0
3365

Surat: Ýeňil atletika merkezi / Uzreport.

17 - 18-nji awgust aralygynda Daşkent şäherinde ýeňil atletika boýunça Özbegistanyň açyk kubogyny almak ugrunda halkara ýaryş geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habarynda hem aýdylyşy ýaly, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Şakirjan Durdyýew ýaryşyň birinji gününde altyn medala mynasyp boldy. Biziň ildeşimiz 10 metrlik aralygy 32 minut 34 sekuntda geçip, bäsdeşleriniň ählisini yzda galdyrdy.

Ýeri gelende aýtsak, halkara ýaryşa Türkmenistandan, Malaýziýadan, Saud Arabystanyndan, Awstraliýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Özbegistandan türgenler gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň