Soňky habarlar

Arhiw

Babadaýhan etrabynyň Ýargökje geňeşliginde täze mekdebiň düýbi tutuldy

11:5218.08.2019
0
3326

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Ýargökje geňeşliginde täze döwrebap 960 orunlyk orta mekdebiň düýbüniň tutulyş dabarasy boldy. Bu dabara Ahal welaýatynyň häkimi Serdar Berdimuhamedow, welaýatyň we şäherdir etraplaryň häkimlikleriniň, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, edara kärhanalaryň ýolbaşçylary, hünärmenleri, il sylagly ýaşulylar, mährem eneler, telekeçiler, gurluşykçylar şeýle-de ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada aýdym-saz sungatynyň ýaş wekilleriniň tans we dutarçylar, depçiler toparlarynyň ýerine ýetirmeklerinde çykyşlar boldy. Täze mekdebiň düýbüniň tutulmagyna badalga berilmegi mynasybetli çäräniň geçýän ýerinde şowhunly aýdym-sazlar, tanslar, kompozisiýa çykyşlaryna, sport görkezmelerine uly orun berildi. Ahal welaýat häkimliginiň buýurmasy esasynda guryljak täze döwrebap orta mekdebiň gurluşyk işleri “Ussat inžener” gurluşyk hususy kärhanasy tarapyndan alnyp barlar. Täze guryljak mekdebiň synp otaglary dünýäniň ösen bilim ulgamynyň kämil enjamlary bolan multimediýa tagtalary bilen üpjün edilip, okuwçylara berilýän bilimiň hilini has-da çuňlaşdyrmaga oňyn täsirini ýetirer. Iki gatdan ybarat boljak täze mekdepde döwrebap kitaphana we naharhana, sport zallary geljekde okuwçy ýaşlara giňden hyzmat eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň