Soňky habarlar

Arhiw

Mançester Siti – Tottenhem: 45-nji duşuşyk

19:0217.08.2019
0
644

Her hepdesinde diýen ýaly uly duşuşygyň geçirilýän Angliýanyň Premier ligasynda şu gün hem şeýle oýunlaryň biri oýnalar. Soňky 2 ýylyň çempiony Mançester Siti öz meýdançasynda Londonyň Tottenhem toparyny kabul eder. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 21:30-da başlar. Bu olaryň arasyndaky 45-nji duşuşyk bolar. Mundan öňki oýunlara seredenimizde, Tottenhem 23, Mançester Siti 15 gezek ýeňiş gazanypdyr. 6 duşuşyk hem deňlikde tamamlanypdyr. Iki topar geçen möwsümde UEFA Çempionlar ligasynda-da gabatlaşypdy we londonlylar soňlugy bilen finala çenli barypdy. Soňky ýyllarda iki toparyň arasyndaky iň ýatda galan oýunlaryň biri-de 2013-nji ýylda hasaba alyndy. Şonda Mançester Siti güýçli garşydaşyny 6-0 hasabynda ýeňipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň