Soňky habarlar

Arhiw

Kerki etrabynyň merkezi kitaphanasynyň kitap gaznasy ýene-de baýlaşdy

16:2517.08.2019
0
1969

Kerki etrabynyň merkezi kitaphanasynyň 89 müňden gowrak kitap gaznasy ýene-de baýlaşdy. Okyjylary aýratyn gyzyklandyrýan ylmy we çeper kitaplaryň üsti köp ugurlara degişli täze eserler bilen ýetirildi. Ýakynda merhum ýazyjy Osman Ödäýewiň şahsy kitaphanasynda toplanan eserleriň birnäçesi onuň hossarlary tarapyndan kitaphana sowgat berildi. Ol eserleriň arasynda ýazyjynyň “Köňül kerweniniň ýüki”, “Garaşsyzlyk diwany” ýaly eserleri jemi 32 jiltden ybarat bolup, olaryň arasynda “Altynjan hatyn” atly taryhy romany aýratyn orun eýeleýär. Ýazyjynyň ýiti zehininden dörän eserde taryh çuňňur öwrenilip ýazylansoň, okyjylaryň söýgüsine mynasyp boldy. Hakykatdan-da, halkyň beýik geçmişi, gerçek ogullaryň durmuşy barada taryhy maglumatlara daýanmak bilen ýazylan eser türkmen edebiýatyna göýä bir altyn hazyna ýaly bolup goşuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň