Soňky habarlar

Arhiw

Silos taýýarlamak we desgasynyň ölçegleri

16:1617.08.2019
0
1687

Ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli et we süýt önümleri bilen üpjün etmekde maldarçylyga uly orun degişlidir. Maldarçylykdan alynýan et we süýt önümleriniň mukdaryny artdyrmakda we özüne düşýän gymmatyny arzanlatmakda silos ýaly konserwirlenen ot-iýmlere aýratyn orun degişlidir. Silos üçin niýetlenen ösümligi wagtynda ormak, kerçemek, ony saklanmaly desgasyna daşamak, basgylamak we ony ýapmak oňat silos taýýarlamagyň girewidir. Silos taýýarlananda, mekgejöweni sümmül ýa-da kösügi süýtlenen wagtynda ormaly. Sebäbi, mekgejöwen gatap başlamanka düzüminde ýokumly maddalary köp saklaýar. Silos üçin ösümlik ýörite kombaýnlar bilen orulýar. Gök ot orlanda, onuň kerçelenen böleginiň uzynlygy ösümlik ýaş bolanda 6-8 santimetre, ortaça bolanda 3-4 santimetre, has ýetişende 1,5-2 santimetre deň bolmalydyr. Kerçelenen massa awtoulaglar, traktor tirkegleri bilen silos desgalaryna daşalýar. Desga guýlan oty agyr traktorlar bilen howa galmaz ýaly depgilemeli. Silos desgasyn 2-4 günüň dowamynda ýapmaly. Silosyň durumlylygy onuň oňat ýapylyşyna bagly bolýar. Çukura guýlan ot desgadan 40 santimetr ýokary galandan soňra, onuň üstüne 10-15 santimetr galyňlykda sypal ýa-da bede ýazylýar. Soňra onuň üsti polietilen örtük bilen örtülýär. Örtügiň üstünden 4-5 santimetr galyňlykda samanly suwag edilýär. Eger-de hojalykda bede ýa-da sypal köp bolsa, onda desganyň üstünden küde

Basmak bolar. Taýýar bolan silosy mala desganyň bir tarapyndan onuň bütin

inine açyp alyp bermeli. Silosy basmak. Gök ot näçe çalt ýygnalsa we çukura guýulsa, ondaky ýokumly maddalaryň ýitgisi şonça-da az bolýar. Orlan oty

meýdandan çalt ýygnamaly, ýörite gyrkyjylarda gyrkmaly, desga daşamaly, oňa gyradeň ýerleşdirmeli we depgilemeli. Agyr ulag serişdeleri, aýratyn-da, zynjyrly traktorlar bilen depgilemek oňat netije berýär. Ýorunjadan we beýleki kösükliler maşgalasyna degişli otlardan silos taýýarlananda, mineral kislotalary goşulýar. Siloslaşma hadysasynyň kadaly geçmegi üçin has çygly otý iýmlere iri otlary goşýarlar. Göleler we guşlar üçin dürli ot-iýmlik ekinlerden garylan silos taýýarlanýar. Eger silos çukuryny doldurmak birnäçe günüň dowamynda amala aşyrylýan bolsa, onda bu işi bir günde 1,5 metrden az bolmadyk galyňlykda ýerine ýetirmeli we ykjam depgilemeli.

Desgany ýapmak üçin polietilen örtük ulanylýar. Örtügiň maksady çukura

howa we suw geçirmezlik hem-de massanyň dykyzlanmagyna ýardam bermekdir. Silos taýýarlananda ähli düzgünleriň berjaý edilmegi, gyş döwri üçin oňat şireli ot-iými almagy üpjün edýär. Silos desgalarynyň ölçegleri dürli-dürli bolup biler, ýöne hojalyklarda köplenç aşakdaky ölçegli desgalar gurulýar: ýokardan ini 3,5 metr, düýbünden ini 2,5 metr, çuňlugy 2,5 metr, uzynlygy 15 metr. Şeýle desganyň göwrümi 112 metre deň. Şu göwrümde silosyň 67,5 tonnasy ýerleşýär. Şeýle silos desgalary gurluşyk guramalary tarapyndan beton örtükli taýýarlanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň