“Margiana--Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyryň Şalygy” atly sergä tomaşa edenleriň sany 417 müňe golaýlady

16:0917.08.2019
0
838

Ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerinde geçirilýän gazuw-agtaryş işlerinde tapylýan taryhy gymmatlyklaryň ähmiýeti has-da artýar. Täsin tapyndylar diňe bir öz ýurdumyzyň muzeýlerini bezemän, eýsem, daşary döwletlerde guralýan sergilerde hem müňlerçe tomaşaçylaryň ýurdumyza bolan gyzyklanmasyny artdyrýar. Germaniýanyň Berlin şäherindäki muzeýinde “Margiana-Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyryň şalygy” atly sergi alty aýlap dowam etdi. Oňa jemi 400 müňe golaý adam tomaşa etdi. Şol sergide Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän Goňurdepeden tapylan taryhy gymmatlyklaryň ençemesi görkezildi. Olaryň arasynda keramika önümleri, bürünçden ýasalan möhürler, zähmet gurallary serginiň tomaşaçylarynda aýratyn täsir galdyrdy.

“Margiana--Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyryň şalygy” atly sergi ýakynda Germaniýanyň Mangeým şäherinde geçirildi. Sergide, Marguş ýurdunda lagym suwlaryny şäheriň daşyna çykarmakda ulanylan ýarym metrlik keramika turbalary, türkmen gelniniň palçykdan ýasalan şekili, onuň milli lybaslary sergä tomaşa edenlerde uly gyzyklanma döretdi. Serginiň Mangeým şäherindäki üç aýlyk görkezilişine jemi 26 müňden gowrak adam tomaşa etdi. “Margiana--Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyryň Şalygy” atly serginiň bütin dowamynda oňa tomaşa edenleriň sany 417 müňe golaýlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň